21-nji martda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabaralary geçirildi. Asylly däbe öwrülen bu giň gerimli ekologiýa çäresi ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky maksatlary ilerletmäge, jemgyýetde ekologik medeniýeti kemala getirmäge ýardam berýär.
Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz bag nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi.
Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary bilen söhbetdeş boldy.
Wise-premýer T.Atahallyýew tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz bag nahallarynyň oturdylmagynyň ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, öňden oturdylan baglaryň idegini ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Wise-premýer B.Annamämmedow bolsa paýtagt şäheri abadanlaşdyrmak, onuň çäklerinde arassaçylyk işlerini geçirmek babatda ýerine ýetirilýän çäreler, gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek we paýtagtymyzda arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Şol gün Arkadag şäherinde-de ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilen günlerinde guralan asylly çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Umuman, 21-nji martda, ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 611 müň 962 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 24 müň 240 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi