Türkmen halkynyň Milli Lideri: "Ýangyç-energetika pudagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugrudyr"

"Ýangyç-energetika pudagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugrudyr. Bu, elbetde, düşnüklidir: biziň döwletlerimiz bu ugurda ägirt uly mümkinçilige eýedirler" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen sowal-jogap arkaly söhbetdeşliginde aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda ulanmaga berilen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisine ünsi çekdi.

2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberildi. Häzirki döwürde her ýylda iberilýän gazyň möçberini 65 milliard kub metre çenli artdyrmagyň üstünde bilelikde işlenilýär.

"Şeýle gaz strategiýasy Türkmenistanyň we Hytaýyň uzak möhletleýin bähbitlerine, ählumumy ykdysady ösüşiň ýagdaýyna laýyk gelýär. Bu işde energiýa serişdelerini ibermegiň orny barha artýar. Munuň özi deňhukuklylyga, mümkinçilikleriň hem-de geljegiň gerimine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşini görkezýär. Ahyrky netijede, bu turba geçiriji energiýa taslamalaryna ähli gatnaşyjylaryň — öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň, sarp edijileriň bähbitlerini hasaba almagyň hakyky, iş ýüzündäki mysalydyr" diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we uzak möhletleýin bökdençsiz ulanmak üçin türkmen energiýa serişdelerini Hytaýa eksport etmegiň kuwwatly üpjünçilik ulgamlary bilelikde, yzygiderli we gyşarnyksyz ösdürilýändigini belledi.

Hytaýyň “CNPC” kompaniýasy Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» känini özleşdirmek boýunça halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Bu taslama tebigy gazyň her ýylda 10 milliard kub metrini goşmaça ibermäge niýetlenendir.

Sowal-jogap arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen-hytaý döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegi we wezipeleri, iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň orny barada gürrüň berdi.



Yza

Şeýle hem okaň