Türkmenistan bilen ÝB-niň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

Aşgabatda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu meselelere 25-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Baş müdirliginiň (DG INTPA) Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Şarlotta Adrianyň arasynda geçirilen duşuşykda garaldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine hem garadylar. Şunda Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ulag-üstaşyr baglanyşygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Gepleşikleriň gün tertibinde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri aýratyn orun eýeledi. Hususan-da, pudaklaýyn dialogy, şol sanda energetika boýunça hereket edýän hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde dowam etdirmäge, şeýle hem "ýaşyl" ösüş we howanyň üýtgemegi bilen bagly gün tertibi ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma beýan edildi.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri barada-da pikir alşylyp, Türkmenistanda we sebitde ýaşlary goldamaga, durnukly energetika, söwda, sanly özara baglanyşyk we beýleki ugurlara gönükdirilen ÝB-niň birnäçe maksatnamalarydyr taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi


Yza

Şeýle hem okaň