25-nji martda Türkmenistanyň DIM-nde Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça komitetiň (CEDAW) maslahatlaryny, şeýle hem gender deňligini üpjün etmek babatda Ählumumy döwürleýin synyň maslahatlaryny ýerine ýetirmek meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa öz çykyşynda döwletimiziň zenanlaryň hukuklary we gender deňligi ulgamyndaky halkara borçnamalaryna, şol sanda Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Konwensiýanyň düzgünlerine yzygiderli ygrarlydygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar CEDAW-yň maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça amaly ädimleri, zenanlaryň hukuklaryny goramagyň milli mehanizmlerini kämilleşdirmegi hem-de pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. CEDAW Komitetiniň maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işlenip taýýarlanan "Ýol kartasyna", şeýle hem 2026-2030-njy ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň nobatdaky tapgyryny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Maslahatyň jemleri boýunça halkara guramalar bilen yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň hem-de zenanlar bilen erkekleriň deň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün etmek babatda milli hukuk we institusional binýady kämilleşdirmek üçin halkara tejribäni ulanmagyň möhümdigi tassyklandy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi