Aşgabatda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köpugurly dialogy giňeltmegiň çäklerinde “Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler” atly işewürlik maslahaty geçirildi.
Degişli edaralaryň wekilleri, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze gurallaryny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdiler. Hususan-da, ählumumy söwda giňişligine goşulyşmagyň, milli ykdysadyýetleri halkara standartlara uýgunlaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.
Forumyň birinji mejlisi söwdany we maýa goýumlary ösdürmek üçin işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek meselesine bagyşlandy. Mejlise gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklary kämilleşdirmegiň, telekeçiligiň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzyň hususy pudagynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen baglanyşykly mesele çykyşlarda aýratyn üns merkezinde boldy. Nygtalyşy ýaly, munuň özi daşary ýurt maýa goýumlaryny we ýokary tehnologiýalary çekmek üçin täze mümkinçilikleri açyp, senagat pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini artdyrmaga ýardam berer.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti