27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow 31-nji martda ýurdumyzda geçiriljek «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Raşid Meredow mejlisiň gün tertibine giriziljek meseleler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamak meselesine seretmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde metan zyňyndylaryny azaltmak, ýaşlar syýasaty ugurlarynda hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär.
Türkmenistanda ýaşlar syýasatyna döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýär. Hususan-da, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” kabul edildi, 2021 — 2025-nji ýyllarda ýaşlar syýasaty boýunça Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogy döredildi. Ol halkara gün tertibiniň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” ugurlaryny öňe sürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisinde 2026 — 2028-nji ýyllara niýetlenen “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly maksatnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Bu maksatnama ýaşlary goldamak, olaryň sebit we halkara derejedäki çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin berk esas bolar. Häzirki wagtda BMG bilen bilelikde maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça gutarnykly işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) arasynda Maksatlaýyn gaznany döretmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Şeýle hem guramanyň edaralary bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanylan we degişli tertipde ylalaşylan resminamalara gol çekmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýyl üçin öňünden ylalaşylan birnäçe resminamalar taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisini geçirmek bilen bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti