Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 27-nji martda Hökümetiň mejlisinde şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.
Hasabatda nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň şygary, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli çäreleriň we dabaralaryň, şol sanda maslahatlaryň, sergileriň, döredijilik duşuşyklarynyň, wagyz-nesihat çäreleriniň, bäsleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem paýtagtymyzda “Turkmentravel — 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda aprel aýynda Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek we beýleki çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüni tutmak hem-de ulanmaga bermek dabaralaryny ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti