Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 27-nji martdaky Hökümet mejlisinde aprel aýynda paýtagtymyzda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergini ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergä gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurtlaryň we Türkmenistanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 80-si hasaba alyndy hem-de hasaba almak işi dowam edýär. Sergide enjamlaryň, tehniki serişdeleriň, demir önümleriniň we gurluşyk harytlarynyň, himiki serişdeleriň, beýleki önümleriň dürli görnüşleri görkeziler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara maslahatlaryň, sergileriň yzygiderli guralýandygyny, munuň bolsa daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti