Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy giňden bellenildi

Arkadag şäherinde 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi.

Dabarada, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz gutlagynda Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesillerimiziň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp geçdi.

Dabaranyň dowamynda, haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa dabaraly ýagdaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýany we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnany mynasyp bolan sylaglary bilen gutlap, olara “Arkadag” medalyny gowşurdy.

Çäräniň dowamynda dabara gatnaşyjylaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegine, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen sogaply işleri amala aşyrýandygy bellenildi.

Ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspnamasyna öwrülen aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň