Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji martda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.

Milli Liderimiz, ilki bilen, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berdi. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen wagtyndan bäri tutuş ýurdumyz boýunça näsag çagalaryň 758-sine operasiýalaryň geçirilendigi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde şu günki güne çenli 2 müň 467 çaganyň döwrebap sagaldyş-dikeldiş bejergisini alandygy, merkezde innowasion tehnologiýalaryň ýerli tebigy serişdeler bilen utgaşykly ulanylmagy arkaly toplumlaýyn dikeldiş bejergisiniň ýola goýlandygy barada aýdyldy.

Soňra haýyr-sahawat gaznasynyň dolandyryş işleri boýunça wise-prezidenti Rejep Bazarow gaznanyň işi barada giňişleýin maglumat berýän hasabat bilen çykyş etdi. Ol paýtagtymyzyň we ähli welaýatlaryň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine Germaniýanyň “B.Braun” kompaniýasynyň gemodializ enjamlarynyň berilmegi çagalaryň saglygynyň berkidilmegine oňyn täsirini ýetirýändigini aýtdy.

Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna sowgat hökmünde gurulýan metjidiň gurluşygy barada hasabat berip, R.Bazarow bu işleriň ynsanperwer däpleriň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowa söz berildi. Ol häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasyna häkimlik tarapyndan ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görlendigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi barada aýdyp, birnäçe tabşyryklar berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2026-njy ýylda haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýandygyny belledi we bu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimizi, bütin halkymyzy hem-de gaznanyň agzalaryny tüýs ýürekden gutlady.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň