Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow 1-nji aprelde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň täze saýlanan başlygy Matsuşita Şinpeý bilen duşuşdy.
Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini we möhüm ugurlara degişli meseleleri, hususan-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” parlamentara forumyny geçirmek baradaky başlangyjyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem iki ýurduň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek, syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýokary derejeli hyzmatdaşlygy saklamak boýunça teklipler alşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi