31-nji martda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi Batyr Rejepowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystan strategik barlaglar institutynyň (GSBI) direktory Žandos Şaýmardanow bilen duşuşygy geçirildi.
GSBI-niň direktory Aşgabadyň işjeň ornunyň hem-de döredijilikli başlangyçlarynyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçmeginiň girewi boljakdygyna ynam bildirdi.
Ilçi gadymy hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtady. Iki ýurduň bilermenler we ylmy-seljeriş jemgyýetçilikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenilýän şu ýylyň aýratyn ähmiýetini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, iki doganlyk halkyň has-da ýakynlaşmagyna gönükdirilen birnäçe bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi