Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramowyň 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koinuma hem-de bu assosiasiýa bilen bilelikde iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ozaldan ýola goýlan ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, şeýle hem bu ugurda türkmen bazaryna mümkin bolan täze ýapon kompaniýalaryny we guramalaryny tanyşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda «Tohkemy Corporation» ýapon kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda suw arassalaýyş tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny ornaşdyrmak boýunça meýilleşdirilýän işler barada pikir alşyldy.
Mundan başga-da, duşuşykda tebigy gazy suwuklandyrylan gaza öwrüp dünýä bazarlaryna çykarmak, şeýle hem suwuklandyrylan gazdan gelium gazynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça Ýaponiýanyň Çubu uniwersitetiniň professorynyň teklip eden taslamasynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň bilim ulgamynda adam maýasyny ösdürmekde Ýaponiýanyň «Asia Seed» guramasynyň hödürleýän hyzmatlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi