5-nji aprelde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hoja Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda Owganystan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklarda bar bolan mümkinçiliklere we wehimlere bilelikde baha bermek, ykdysady we üstaşyr hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem sebitara integrasiýa boýunça "Ýol kartasyny" işläp taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen diplomaty öz çykyşynda Türkmenistanyň Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmäge ýardam bermäge gönükdirilen işleri bilen tanyşdyrdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň dowam etdirilmegini goldadylar. Şunda Owganystany dikeltmek we onuň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirildi.