Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň guramagynda 2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Ýaponiýanyň «Akhal-teke Affinity Co. LTD» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy M.Aoe hem-de Täze Zelandiýanyň «Krukziener Properties» kompaniýasynyň esaslandyryjysy A.Krukziener bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň maksady 2026-njy ýylda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen, bilelikdäki çäreleri guramagyň mümkinçiliklerini hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Duşuşykda «Krukziener Properties» täze zeland kompaniýasynyň atçylyk pudagynda, hususan-da arassa ganly ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, geljekde türkmen wekiliýetleriniň mümkin bolan saparlaryň çäklerinde kompaniýanyň atçylyk toplumyna saparlary guramagyň mümkinçiligi öwrenildi.
Ýapon we täze zeland taraplarynyň wekilleri aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmaga çagyryldy.