Türkmenistan we Koreýa özara syýahaty ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 7-nji aprelde Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň Komissary jenap Ça Ýong-ho bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy iki ýurduň raýatlarynyň birek-biregiň ýurtlaryna ygtybarly syýahat etmegi hem-de olaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek boýunça teklipleri öňe sürdi.

Hususan-da, migrasiýa ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk esasynyň kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna koreý tarapynyň ünsi çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar işjeň häsiýetde geçirilen bu gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň iki döwletiň bähbitlerine we ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna laýyk gelýändigini tassykladylar.

 


Yza

Şeýle hem okaň