Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň jemleýji tapgyryny açdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 10-njy aprelde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Lebap welaýatyna gelip, dikuçarda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Garaşsyz ýurdumyzyň welaýatlaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, şu gün bolsa Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylýandygyny belledi we hemmeleri bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkara derejeli bu awtomobil ýoly 6 sany hereket zolagyndan ybarat. Ol dünýä ölçegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýär. Täze ýoluň geçýän ugrunda ýolagçylar, sürüjiler üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Ahal, Mary hem-de Lebap welaýatlaryny ýurdumyzyň paýtagty bilen birleşdirýän bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýolagçylaryň we ýükleriň örän gysga wagtda gatnadylmagyny üpjün eder.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesdi.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtomobilleriň hereketine ak pata berdi we awtoulagda awtobanyň ugry bilen ýola düşdi. Ýolugra döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşyjylar mähirli mübäreklediler.

Dabara tamamlanandan soňra, Arkadagly Gahryman Serdarymyz çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline ugrady. Ol ýerden hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyza tarap ugur aldy.


Yza

Şeýle hem okaň