Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji aprelde sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirip, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerinde alnyp barylýan işleriň barşyna garady. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew we welaýatlaryň häkimleri gatnaşyp, ýerlerde ýerine ýetirilýän möwsümleýin çäreler barada hasabat berdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Häkimler welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda iýmitlendirmek we suw tutmak işleriniň dowam edýändigi barada hasabat berdiler. Şeýle-de ýurt möçberinde gowaça ekişiniň bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy, oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylýandygy bellenildi. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg etmek we ýüpekçilik pudagynda pile öndürmek boýunça amala aşyrylýan anyk çäreler hasabatlaryň esasy özeni boldy.

Gün tertibinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine hem aýratyn orun berildi. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, öri meýdanlarda, ekin meýdanlarynda we tokaý zolaklarynda ýangynyň öňüni almak üçin arassaçylyk we sürüm işleriniň yzygiderli geçirilýändigi nygtaldy. Mundan başga-da, häkimler sebitlerde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, gowaça ekişiniň we bugdaýa ideg etmegiň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz azyk bolçulygyny üpjün etmekde ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion çemeleşmeleriň ähmiýetini nygtap, wise-premýere we häkimlere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň ýokary hilli we öz wagtynda tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.


Yza

Şeýle hem okaň