Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady

Aşgabatda şu gün - 14-nji aprelde «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty dabaraly ýagdaýda açyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän bu forumyň açylyşy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylara we myhmanlara özüniň Gutlagyny iberdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda bu halkara forumyň syýahatçylyk pudagynda möhüm ähmiýetli waka boljakdygyna uly ynam bildirdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň pudagyň ösüşinde täze mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.

Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň baý medeni mirasy we tebigy täsinlikleri dünýä syýahatçylygynda uly meşhurlyga eýedir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren «Gadymy Merw», «Nusaý», «Köneürgenç» ýaly goraghanalar, şeýle hem täze döredilen Arkadag şäheri we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýurdumyzyň uly mümkinçiliklerini görkezýär.

Halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini mahabatlandyrmakda hem-de daşary ýurtly syýahatçylary çekmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Hormatly Prezidentimiz Gutlagynyň ahyrynda forumyň işine we gatnaşyjylara rowaçlyk hem-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Açylyş dabarasyndan soňra sergi öz işine başlady. Onda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri öz täze taslamalaryny we hyzmatlaryny tanyşdyrýarlar.


Yza

Şeýle hem okaň