Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri «Lomonosow–2026» halkara maslahatynyň bölümçelerini kabul etdi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň «Lomonosow–2026» XXXIII Halkara ylmy maslahatynyň dört bölümçeleriniň geçirilýän ýerine öwrüldiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Giň gerimli forum 10-njy aprelden 24-nji aprel aralygynda 44 bölümçe boýunça Russiýa Federasiýasynyň sebitleýin meýdançalarynda, M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň Russiýadaky, Gazagystandaky, Täjigistandaky, Ermenistandaky, Özbegistandaky, Azerbaýjandaky we Hytaýdaky şahamçalarynda, şeýle-de Türkmenistandaky halkara meýdançasynda geçirilýär.

11-nji aprelde halkara maslahatyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dilleri we sebit öwreniş», «Terjimäniň nazaryýeti, taryhy we usulyýeti» hem-de «Filologiýa» atly üç sany bölümçäniň işi üstünlikli guraldy. Şol gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti forumyň «Himiýa» ugry boýunça ýene bir bölümçäniň geçirilýän ýeri boldy.

Çärä Türkmenistandan talyplary, magistrantlar, aspirantlar we ýaş alymlar gatnaşyp, öz ylmy çykyşlaryny etdiler, innowasion barlaglarynyň netijelerini, ylmy gazananlaryny hem-de tejribä gönükdirilen tekliplerini hödürlediler.


Yza

Şeýle hem okaň