Türkmenistanda hususy pudagyň karzlaşdyrylmagy ep-esli artdy

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň «Bank habarlary» elektron žurnalynda ýurdumyzyň karz edaralarynyň milli pulda beren karzlarynyň möçberi baradaky täze hasabat okyjylara ýetirildi. Maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň 1-nji marty ýagdaýyna görä, kärhanalara, guramalara we ilata berlen karzlaryň galyndysynyň umumy möçberi 100 milliard 756,17 million manada ýetdi. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan, 10 milliard manatdan gowrak artdy.

Döwlet eýeçiligindäki kärhanalara we guramalara berlen karzlaryň galyndysy 2026-njy ýylyň martynyň başyna 48 milliard 492 million manat möçberinde hasaba alyndy. Geçen ýylyň şu döwründe bu görkeziji 49 milliard 550 million manada barabardy, bu bolsa döwlet pudagynda karz galyndylarynyň az-kem peselendigini görkezýär.

Şol bir wagtyň özünde, hususy pudagyň karzlaşdyrylmagynda ep-esli ösüş bellendi. Döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara berlen karzlaryň galyndysy 14 milliard 877 million manatdan 20 milliard 688 million manada çenli ýokarlandy. Bu bolsa ýurdumyzda hususy telekeçiligiň işjeňleşýändigini subut edýär.

Raýatlara we hususy telekeçilere berlen karzlaryň umumy möçberinde hem ýokary ösüş depgini saklandy. 2026-njy ýylyň 1-nji martyna çenli bu ugurda berlen karzlaryň galyndysy 31 milliard 577 million manada deň boldy. Geçen ýylyň degişli senesinde bu görkeziji 25 milliard 651 million manat möçberindedi.

 


Yza

Şeýle hem okaň