Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi müdirligi, Bäherden etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi
bölümi 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Bäherden etrabynyň Aşgabat-Türkmenbaşy
garaýolunyň 100-nji kilometrliginde ýerleşýän Medeniýet bölüminiň edara binasynda
sagat 10:00-dan 13:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini
geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy
telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini
tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini
tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Bäherden etrabynyň Aşgabat-Türkmenbaşy
garaýolunyň 100-nji kilometrliginde ýerleşýän Medeniýet bölüminiň edara binasy.
Habarlaşmak üçin:
+993131 23-0-52