Türkmenistan we HZG 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” durmuşa geçirilmegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň DIM-inde 18-nji aprelde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Miranda Faýermanyň ýolbaşçylygyndaky Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň HZG bilen hyzmatdaşlygynyň ulgamlaýyn we durnukly häsiýete eýedigini belläp geçdiler. Bu hyzmatdaşlyk milli kadalaşdyryjy binýady kämilleşdirmegi we halkara zähmet ülňülerini ornaşdyrmagy öz içine alýar.

2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Oňa anyk we ölçärlikli netijeleri gazanmagyň esasy guraly hökmünde garalýandygy nygtaldy. Taraplar geçirilýän çäreleriň netijelerine oňyn baha berdiler. Hususan-da, 2025-nji ýylyň barlaglarynyň netijeleriniň hödürlenmegi we ýerlerde amaly seslenmäniň alynmagy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň HZG bilen hyzmatdaşlygynyň halkara maglumat giňişliginde has giňden şöhlelendirilmeginiň ähmiýeti hem nygtaldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmäge we netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

 


Yza

Şeýle hem okaň