Aşgabat şäherinde 3-nji maýda küşt boýunça milli Gran-pri ýaryşlaryna badalga berler. Ýaryşlar Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçiriler. Bu barada TKF-niň resmi sahypasynda habar berildi.
Bu ýaryşlara Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň ussatlyk derejesine ýeten agzalary gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjylary hasaba almak 26-njy aprele (her gün sagat 18:00-a) çenli şu salgylanma arkaly dowam eder: https://bit.ly/granpriashgabat2026.
Ýaryşy emin hökmünde FIDE-niň emini Serdar Annaberdiýew hem-de milli derejeli emin Aýgül Saryýewa alyp barar. Ýaryşy guramak bilen bagly çykdajylar Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan üpjün ediler.
«Aşgabat» tapgyrynyň baýrak gaznasy 10 000 manat bolup durýar. Ýaryş 8-nji maýa çenli dowam eder.