Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji aprelde Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Milli Liderimiz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler we täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdepde alnyp barylýan düýpli döwrebaplaşdyryş işlerini gözden geçirdi. Bu işleriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýandygy barada maglumat berildi. Milli Liderimiz mekdebiň iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmelidigini, lingafon otaglarynyň halkara standartlara laýyk gelmelidigini we ýaşlaryň ukyplaryny ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigini belledi.
Şäheriň ikinji tapgyryndaky gurluşyklar barada berlen hasabatlaryň çäginde täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň, şol sanda Arkadag merkeziniň binasynyň içki bezeg taslamalary görkezildi. Şeýle hem geljekde guruljak Gün elektrik bekediniň we oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz desgalaryň gurluşygynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine we milli binagärlik ýörelgelerine aýratyn üns berilmelidigini nygtady.
Iş maslahatynyň dowamynda Milli Liderimiz käbir gurluşyklaryň, aýratyn-da, Ahalteke atlary şaýolunyň gurluşygynyň depgininiň pesdigine we hiliniň talabalaýyk däldigine nägilelik bildirdi. Degişli ýolbaşçylara kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi we ähli işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şäheriň abadanlaşdyrylyşyna we ekologik ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berilmelidigi bellenildi.
Mundan başga-da, maslahatda Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Baýramçylyk günlerinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi we ýörite sergileriň guralmagy meýilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede geçirilmelidigini we ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dabaralandyrýan telegepleşikleriň taýýarlanylmalydygyny belledi.