Türkmenistanda «OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy

2026-njy ýylyň 21 – 23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

«Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» diýen resmi şygar astynda geçiriljek bu maslahat dünýä energetika pudagynyň öňdebaryjy wekillerini, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny, maýadarlary, maliýe institutlaryny we tehnologiýa üpjün edijilerini bir ýere jemläp, halkara energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdiriler.

Maslahatyň esasy ugurlarynyň biri dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käni bolar.

Öň belleýşimiz ýaly, 2025-nji ýylda geçirilen XXX halkara OGT maslahatyna dünýäniň 70 ýurdunyň 1400-den gowrak wekili, 100-den gowrak kompaniýa-sergä gatnaşyjylar hem-de 80-den gowrak ýokary derejeli çykyş edijiler gatnaşdy.


Yza

Şeýle hem okaň