Türkmenistanyň we Müsüriň diplomatlary hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Müsür Arap Respublikasynyň ýurdumyza täze bellenilen ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamet bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 28-nji aprelde geçirilen duşuşykda ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Duşuşykda ilçi jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlanylyp, diplomatik işini amala aşyrmagynda oňa zerur goldaw beriljekdigi bellenildi.

Diplomat, öz gezeginde, türkmen-müsür hyzmatdaşlygyny ösdürmek, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny nygtady.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Diplomatlar halkara we sebit gün tertibiniň özara gyzyklanma döredýän meseleleri boýunça garaýyşlary-da ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri dowam etdirmek, Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň mejlislerini geçirmek, Aşgabatda we Kairde iki ýurduň Medeniýet günlerini guramak, şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.


Yza

Şeýle hem okaň