Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine badalga berildi

Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 28-nji aprelde Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady. Bu çäre paýtagtymyzda 200-den gowrak hytaý işewür gurluşynyň wekillerini bir ýere jemledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça giňden ösdürilýär.

Dostlukly döwletiň işewür wekilleriniň birnäçesi gaz we nebithimiýa toplumlaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça öňdebaryjy çözgütleri bilen sergä gelýänleri tanyşdyrýarlar. Birnäçe kompaniýalar ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, olaryň möçberlerini anyklamak boýunça tehnologiýalaryň, buraw işi üçin zerur bolan enjamlaryň we tehnikalaryň üpjünçiligi bilen bagly hyzmatlaryny hödürleýärler.

Serginiň giň meýdançasynda gurnalan 70-den gowrak diwarlykda Hytaýyň köpugurly döredijilik hem-de innowasion mümkinçilikleri giňişleýin tanyşdyrylýar.

Sergä dürli kysymly şäheriçi, şäherara we syýahatçylyk gatnawlary üçin niýetlenen ýolagçy awtobuslaryny öndürýän hytaý kompaniýalary hem gatnaşýarlar. Hytaýda öndürilen bu görnüşli ulaglaryň yzygiderli satyn alynmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýolagçy, ýol-ulag parkynyň tehniki kuwwaty düýpli ýokarlanýar.

Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika, söwda, maliýe we ykdysadyýet, oba hojalyk, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň iri hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda taraplar gyzyklanma bildirilýän ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn esasda ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.


Yza

Şeýle hem okaň