Aşgabatda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde 30-njy aprelde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa bilen UNICEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Maslahatyň dowamynda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak hem-de maşgala gymmatlyklaryny berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň maglumat gullugy habar berdi.

Zenanlar birleşiginiň başlygy ýurdumyzda sagdyn nesli kemala getirmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada durup geçdi. Hususan-da, «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň çäklerinde ýaş gelin-gyzlaryň arasynda alnyp barylýan wagyz-nesihat işleri we çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamagyň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berildi.

Gepleşikleriň çäginde taraplar çagalaryň irki ösüşini üpjün etmek we ene-atalara goldaw bermek boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny seljerdiler. Duşuşyga gatnaşan UNICEF-iň hünärmenleri bu ugurdaky halkara tejribeleri barada pikir alyşdylar we zenanlaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagynyň maşgala abadançylygyndaky uly ornuny nygtadylar.

UNICEF-iň wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini ýokary bahalandyrdy. Ol geljekde hem çagalaryň saglygy we abadançylygy ugrunda bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.


Yza

Şeýle hem okaň