Gyzylarbat etrabynda ilkinji köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlandy

Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow Aşgabatda geçirilen Türkmen-hytaý işewürler forumynda ýurduň elektrik energiýasy pudagynyň ösüşi barada çykyş etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ýurduň energiýa toplumy häzirki wagtda umumy kuwwatynyň 7000 MWt-a ýeten 11 elektrik stansiýasyny öz içine alýar. Ýurdumyz dekarbonizasiýa we täzelenip bilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça ynamly ugra başlady. Ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi ýurt üçin möhüm waka bolar.

"Kuwwatlylygy 10 MWt-a deň bolan kombinirlenen Gün we ýel elektrik stansiýasy Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda ulanmaga bermäge taýyn. Bu desganyň işe girizilmegi biziň pudagymyzda ýaşyl energiýanyň giň gerimde durmuşa geçirilmeginiň başlangyjy bolar" diýip, Serdar Saparow nygtady.

Ministriň orunbasary bu ugurda Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary tehnologiýaly taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň ileri tutulýan hyzmatdaşlaryndan biri bolandygyny aýtdy.


Yza

Şeýle hem okaň