Türkmenistanda ýanwar-aprel aýlary aralygynda birnäçe kanunlar kabul edildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 1-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi.

Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 13-si geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.


Yza

Şeýle hem okaň