Türkmenistan ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini görkezýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1-nji maýda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlenildi. Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowyň hasabatyna görä, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda diýen ýaly oňyn görkezijiler hasaba alyndy. Hususan-da, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 10,3 göterim, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterim hem-de söwda pudagynda 7,9 göterim ösüş gazanyldy. Şeýle-de senagat, gurluşyk we oba hojalygy pudaklarynda hem ösüş depginleri saklandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň mukdary 10,4 göterim ýokarlandy.

Maliýe görkezijileri hem durnuklylygy bilen tapawutlandy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 9,9 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdejileri bellenen meýilnamadan artygy bilen ýerine ýetirildi. Şol bir wagtyň özünde, döwlet tarapyndan bellenen ähli durmuş tölegleri — zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi.

Maýa goýum işjeňligi ýokary derejede saklanýar. Ýanwar — aprel aýlarynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylka garanyňda, 5 göterim artdy. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde binalaryň we desgalaryň gurluşygy meýilnama laýyklykda dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýyl üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmelidigini belläp, wise-premýere jemi içerki önümiň durnukly ösüşini saklamagy we maliýe-bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de gowulandyrmagy tabşyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň