Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Hökümet mejlisinde gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreler hem-de dabaralar guraldy.
Hasabat döwründe türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda geçirilen halkara medeni çärelere, maslahatlara, okuwlara yzygiderli gatnaşdylar. Şeýle hem olar Daşkent şäherinde geçirilen türki dünýäniň suratkeşleriniň duşuşygyna, onuň çäklerinde guralan sergä gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada-da aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň maý aýynda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň, medeniýet ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny aýawly saklamak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.