Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Kazanda birnäçe möhüm halkara duşuşyklar geçiriler. Şolaryň hatarynda her ýyl geçirilýän «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumy görkezmek bolar. Şeýle-de «Russiýa — Yslam dünýäsi hyzmatdaşlyk EXPO», «Halkara emläk bazary» atly sergiler we maslahatlar, «Kazan halal bazary» halkara ýarmarkasy, «Asylly moda güni» festiwaly geçiriler.
Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 1-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.
Şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň gatnaşmagynda daşary döwletlerde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ähmiýetli çäreler barada hasabat bermek bilen, Raşid Meredow atly sport boýunça ýaryşlaryň guraljakdygyny aýtdy. Olaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Mundan başga-da, wise-premýer, daşary işler ministri Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýurduň Patyşa maşgalasy tarapyndan Windzor halkara atly oýunlaryň we atly ýaryşlaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Bu halkara atly sport çärelerine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda agzalan çäreleriň çäginde ahalteke atlaryna we türkmen atşynaslyk däplerine bagyşlanan serginiň geçirilmegi boýunça işler alnyp barylýar. Bu atly oýunlardyr ýaryşlaryň ahalteke bedewine bagyşlanan şanly ýylda geçirilmegi many-mazmun taýdan örän ähmiýetlidir.
Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda türkmen wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigi barada-da aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä ýurtlary we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň maýynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň birnäçe halkara çärelere gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz 13-14-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçiriljek halkara çärelere ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagyny ýokary derejede guramagyň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilen baglylykda, 16-17-nji maýda türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherine boljak iş saparyna hem gowy taýýarlyk görmegiň, 17 — 22-nji maýda Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.