Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylyň 21-nji maýy — 11-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugyna zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin ýörite uçar gatnawyny öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.