Türkmenistanyň Prezidenti prokuratura edaralarynda wezipe çalşygyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly resminamalara gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, 2-nji derejeli ýurist Döwrangeldi Kakageldiýew Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenbaşy prokurory wezipesine bellenilip, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahat Karyýew bu wezipeden boşadyldy.

Başga bir Karar bilen döwlet Baştutanymyz wezipe çalşygyny has giňişleýin amala aşyrdy. Şeýlelikde:

ýustisiýanyň geňeşçisi Nejep Mämmetamanowiç Taýlyýew Mary welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenildi;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nowruz Gurbanowiç Amanow Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Agamyrat Italmazowiç Abdyllaýew Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

2-nji derejeli ýurist Perhatberdi Ahmetberdiýewiç Mededow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

2-nji derejeli ýurist Aýmyrat Baýmyradowiç Sähedow Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesine bellenildi;

2-nji derejeli ýurist Çaryýarmuhammet Orazmuhammedowiç Garajaýew Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şöhrat Sapardurdyýewiç Taýew Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Toýly Allaberdiýewiç Bäşimow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahim Çaryýarowiç Çaryýew Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy.


Yza

Şeýle hem okaň