Aşgabatda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly konsert geçirildi. Ony Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde gurady. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Agşamy «Священная война» atly ajaýyp saz açdy. Konsertde gahrymanlaryň edermenligini wasp edýän we uruş ýyllarynyň kynçylyklaryny beýan edýän eserler görkezildi.

Harby eşikli aktýorlar hakyky, täsirli hatlary okap, tomaşaçylary geçen ýyllaryň gahrymanlaryna bolan duýgudaşlygy döredip bildiler.

Konsertiň iň täsirli pursaty, tomaşaçylaryň joşgun bilen garşy alan Matweý Blanteriň meşhur «Катюша» aýdymy boldy.

Agşamyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin minnetdarlygyny bildirip, myhmanlary Ýeňiş baýramy bilen gutlady.


Yza

Şeýle hem okaň