Türkmenistan we Gruziýa söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça birnäçe başlangyçlary beýan etdiler

Aşgabatda 7-nji maýda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Mejlise gatnaşyjylar özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdiler. Toparyň agzalary eksport-import amallarynyň häzirki ýagdaýy, iberilýän harytlaryň, şol sanda nebithimiýa, dokma we oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag-logistika ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde bellenildi. Taraplar Merkezi Aziýa, Ýewropa sebitlerini birleşdirýän Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça netijeli ýük daşamalary üpjün edýän döwrebap ulag düzümini kemala getirmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň möhüm logistik merkez hökmünde ähmiýeti nygtaldy. Gruzin tarapy Poti porty arkaly üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmaga gyzyklanma bildirdi. Bu portuň kuwwatlyklarynyň ulanylmagy Türkmenistan üçin Ýewropa bazarlaryna iň gysga ýoly açyp, Hazarüsti geçelgäniň çäklerindäki hyzmatdaşlyga strategik ähmiýet berýär.

Energetika ulgamy mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan wajyp meseleleriň ýene biri boldy. Mejlise gatnaşyjylar energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek, «Lapis Lazuli» ulag geçelgesini ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar Gruziýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda dürli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagynyň, Gruziýanyň üstaşyr kuwwaty arkaly türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlara çykarmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Däp bolşy ýaly, ynsanperwer hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Toparyň agzalary Türkmenistanyň we Gruziýanyň halklarynyň arasyndaky dostluk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam edýän özara Medeniýet günlerini, ylmy maslahatlary, sport çärelerini geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi, onda gazanylan ylalaşyklar berkidildi we meýilleşdirilen işleri durmuşa geçirmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi.


Yza

Şeýle hem okaň