Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde 7-nji maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Dabaranyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna degişli gymmatlyklar, esger hatlarynyň nusgalary, şol döwre degişli dürli serişdeler görkezilýär.

Dabara «Mert ogullar» atly aýdym hem-de Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly teatrlaşdyrylan edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Olarda Watan gahrymanlarynyň edermenligi, halkymyzyň olara goýýan belent sarpasy çeper wasp edildi. Çykyş edenler türkmen ýigitleriniň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny aýratyn nygtadylar.

Dabaranyň dowamynda uruş weteranlaryna hem söz berildi. Olar öz çykyşlarynda şol agyr ýyllaryň ýatlamalaryny paýlaşdylar hem-de döwletimiz tarapyndan özleri hakynda edilýän yzygiderli alada üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Soňra dabaraly ýagdaýda Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgady hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


Yza

Şeýle hem okaň