Türkmenistanyň ahalteke bedewi gözellik boýunça dünýä çempionatynyň absolýut ýeňijisi diýlip yglan edildi

Özbegistan Respublikasynda 10-njy maýda «Gündogaryň merjeni» atly halkara bäsleşigiň çäklerinde ahalteke atlarynyň gözellik boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan ahalteke atlary gatnaşdyryldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Halkara gözellik bäsleşigi iki, üç, dört, altyýaşar we şondan uly atlaryň we gysraklaryň, birýaşar taýlaryň arasynda aýratynlykda geçirildi.

Eminleriň biragyzdan gelen çözgüdi esasynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Meledag diýen aty ikiýaşar atlaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde dünýäniň çempiony hökmünde yglan edildi. Ýeňiji bolan türkmen bedewine uly ruhubelentlik bilen «Dünýäniň çempiony» we «Gündogaryň merjeni» diýen ýeňiş ýapynjasy ýapyldy.

Ikiýaşar atlaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde Özbegistandan Manoli-Hon, Täjigistandan gatnaşan Raýd atly bedewler ýeňiji bolmagy başardy. Üçýaşar atlaryň arasyndaky gözellik bäsleşiginde Özbegistandan Zamin-Hon diýen bedew ýeňiji bolmagy başardy. Baýrakly ikinji orna bolsa Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen at, üçünji orna bolsa Özbegistandan Murod-Hon diýen at mynasyp boldy.

Dörtýaşar atlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde B.Ibodullaýewiň hojalygyna degişli Melikuş-Hon atly bedew ýeňiji bolmagy başardy. Ikinji baýrakly orna A. Muhamedowyň hojalygyna degişli Sanat-Hon atly bedew mynasyp boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Sahabatly diýen bedewi bolsa baýrakly üçünji orundan paýly boldy.

Alty we şondan uly ýaşar atlaryň gözellik bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewi «Dünýäniň çempiony» diýen ada eýe boldy. Dabaraly ýagdaýda Aýgytly atly bedewe «Gündogaryň merjeni» we «Dünýäniň çempiony» diýen ýeňiş ýapynjasy ýapyldy. Onuň seýsi Türkmenistanyň halk atşynasy Kakamyrat Agamyradowdyr. Bu bäsleşikde ikinji orna Özbegistandan Dias-Hon, üçünji baýrakly orna bolsa Gurman atly bedewler mynasyp boldy.

Eminleriň biragyzdan gelen netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewi «Gündogaryň merjeni» atly dünýä çempionatynyň absolýut ýeňijisi diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, Aýgytly Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp boldy we onuň seýsine ýeňil awtoulagyň açary, kubok hem-de Hormat haty gowşuryldy.

Gysraklaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginiň absolýut çempiony diýen ada Özbegistandan gatnaşan bedew mynasyp boldy. Bedewiň seýsine Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy — döwrebap ýeňil awtoulagyň açary, kubok we Hormat haty gowşuryldy.


Yza

Şeýle hem okaň