Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleri ilçi Atajan Möwlamowyň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda Yslamabatdan, takmynan, 30 minutlyk ýol uzaklykda gurulýan Päkistanyň iň uly «akylly şäher» taslamasy bolan Capital Smart City baryp gördüler. Bu barada Türkmenistanyň Päkistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Saparyň dowamynda wekiliýete 1,7 milliondan gowrak ýaşaýjyny ýerleşdirmek üçin niýetlenen täze «akylly» şäheriň baş meýilnamasy we ösüş konsepsiýasy barada giňişleýin maglumat berildi.
Taslama häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny we söwda merkezlerini, ösen ulag infrastrukturasyny, maliýe merkezini, bilim we saglygy goraýyş edaralaryny, şeýle hem syýahatçylyk we dynç alyş desgalaryny öz içine alýar. Mundan başga-da, taslamada myhmanhanalar, sergi meýdançalary hem-de halkara derejedäki golf meýdançasy göz öňünde tutulan.
Saparyň ahyrynda taraplar durmuşa geçirilýän çözgütleriň ýokary derejesini aýratyn belläp, şähergurluşyk we innowasion tehnologiýalar ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirdiler.