Şabat etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 15-nji maýynda Şabat şäheriniň Daşoguz köçesiniň
8-nji jaýynda ýerleşýän Şabat etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 09:00-dan – 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de
hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa,
şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de
hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş
edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Şabat şäheriniň Daşoguz köçesiniň 8-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800348) 3-00-98.