Daşoguz şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümleri 2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Daşoguz şäheriniň Garaşsyzlygyň 10
ýyllygy köçesiniň 1-nji “A” jaýynda ýerleşýän Daşoguz şäheriniň zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 09:00-dan – 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de
hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa,
şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de
hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş
edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Daşoguz şäheriniň Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy
köçesiniň
1-nji “A” jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800322) 9-39-52.