Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin döwletara gatnaşyklaryň derejesini maslahatlaşdylar

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde 13-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

RF-niň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan goşandy üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, öz gezeginde, Prezident Wladimir Putiniň türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan goşandyny belläp, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady we hormatly Prezidentimiziň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Russiýa bilen köpugurly we ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklary, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki dialogy strategik hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli ösdürýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek halkara çäreleriň ähmiýetini belledi. 2026-njy ýylyň oktýabrynda geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine Prezident Wladimir Putiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy köp ýyllaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen bir hatarda, birnäçe ulgamlar boýunça özara tejribe alşylýar.

Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigine ünsi çekdi. Türkmen talyplarynyň dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy birnäçe teklipleri beýan etdi.


Yza

Şeýle hem okaň