Türkmenistanyň ilçisi Koreýanyň daşary işler ministri tarapyndan guralan resmi agşamlyk naharyna gatnaşdy

Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň rezidensiýasynda 2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Ço Hýon tarapyndan Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileri üçin guralan resmi agşamlyk nahary boldy. Oňa Türkmenistanyň ilçisi Begenç Durdyýew hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Guralan giňişleýin pikir alyşmalaryň esasy temasy şu ýylyň 16-17-nji sentýabrynda Seulda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky birinji sammite taýýarlyk görmegiň amaly meseleleri boldy.

Duşuşygyň dowamynda Koreýanyň DIM-niň ýolbaşçysy syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüş dinamikasyny belledi. Ol geljekki sentýabr sammitiniň sebitara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilendigine ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça Türkmenistanyň ilçisi döwletara gepleşikleriň ýokary derejesini nygtady. Haryt dolanyşygynyň durnukly ösmegi we esasy ugurlar boýunça amaly özara hereketleriň giňelmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Taraplar iki halkyň ýakynlaşmagynyň möhüm şertleri hökmünde akademiki alyşmalary işjeňleşdirmäge, özara Medeniýet günlerini geçirmäge we Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek boýunça maksatnamalary giňeltmäge aýratyn üns berdiler.


Yza

Şeýle hem okaň