Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistanda geçirilen forumlarda çykyş etdi

2026-njy ýylyň 13-14-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Saparyň ilkinji gününde türkmen wekiliýeti sebit ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň çäklerinde guralan «Ylymda zenanlaryň ýolbaşçylygy: häzirki zaman meseleleri, innowasion çözgütler we ylmy hyzmatdaşlyk» atly alym zenanlaryň forumyna gatnaşdy. Forumda çykyş eden Mejlisiň Başlygy Gulmanowa Türkmenistanda sanly sowatlylygy ýokarlandyrmak, alym zenanlaryň biotehnologiýa, ekologiýa we innowasion tehnologiýalar ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini goldamak, şeýle hem bu ugurdaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada giňişleýin durup geçdi.

Şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda köpasyrlyk türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkidilýändigi nygtaldy. Taraplar ulag-üstaşyr, serhetýaka hyzmatdaşlyk, sanly tehnologiýalar ulgamynda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

14-nji maýda türkmen wekiliýeti «Zenanlara maýa goýum – durnukly ösüşiň esasy: zenanlaryň ykdysady, durmuş, syýasy we ekologiýa babatda hukuklaryny we mümkinçiliklerini berkitmek» ady bilen geçirilen Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy. Parlamentiň Başlygy öz çykyşynda Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň döwlet dolandyryşynda we jemgyýetçilik durmuşynda ornuny pugtalandyrmak syýasatyna uly üns berilýändigini belledi.


Yza

Şeýle hem okaň