Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 15-nji maýda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurduň durmuşyna degişli möhüm meseleler, şol sanda kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, milli standartlaşdyrmak hem-de nebitgaz pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna we öňde duran galla oragyna görülýän taýýarlyga seredildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Halkara hyzmatdaşlyk çäreleriniň çäklerinde Türkmenistanyň 2027-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek «Green Ekspo» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmagy baradaky teklipler makullandy. Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Kazan şäherine amala aşyran saparynyň we gatnaşan halkara forumlarynyň netijeleri barada hasabat diňlenildi.
Mejlisde paýtagtymyzda geçiriljek çärelere hem uly orun berildi. Aşgabat şäheriniň güni, «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV halkara sergi we mekdeplerde geçiriljek «Soňky jaň» dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görülmegi tabşyryldy. Şeýle hem 22-nji maýda Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzy golaýlaşyp gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady.