Hökümet mejlisinde kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine seredildi

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 15-nji maýda sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy döwre laýyk getirmek we kämilleşdirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada maglumat berdi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti ýazýar.

Häzirki wagtda degişli ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler seljerilip, birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala hem-de Ýaşaýyş jaý kodekslerine, şeýle hem harby borçlulyk, harby gulluk, administratiw önümçilik we kazyýet ulgamyna degişli hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Mejlisiň deputatlary dürli edara-kärhanalar, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça işleri amala aşyrýarlar. Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guraljak «Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň hukuk ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary: häzirki zaman kanunçylygynyň milli modeli» atly ylmy-amaly maslahata uly taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna we durmuş-ykdysady ösüşleriň depginine laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny taýýarlamagyň möhümdigini belledi we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy.


Yza

Şeýle hem okaň