Türkmenistanyň Prezidenti atşynaslary Daşkentde geçirilen bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 15-nji maýda türkmen atşynaslaryny Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary derejeli baş baýraklara mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

“Ýakynda türkmen atşynaslarymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmagy hem ýatda galyjy, taryhy wakalaryň biri boldy. Dünýä medeniýetiniň bu ajaýyp gymmatlygynyň gadymy mekany Türkmenistandan ahalteke atlarynyň gatnaşmagy halkara bäsleşigiň derejesini we ähmiýetini has-da artdyrdy.

Geçirilen çekeleşikli at çapyşyklarynda, gözellik bäsleşiginde türkmen halkynyň buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiz özleriniň ýyndamlygy hem-de gözelligi, çapyksuwarlarymyz bolsa ussatlygy bilen ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrdylar, ajaýyp guwandyryjy netijeleri gazandylar. «Gündogaryň merjeni» ady bilen guralan halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerinde türkmen atşynaslarynyň ýokary derejeli baş baýraklara mynasyp bolmagyna bagyşlanyp, Aşgabat şäherindäki «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde, şeýle hem Daşkent şäherindäki «Aşgabat» seýilgähinde dabaraly çäreleriň guralmagy türkmen-özbek gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny goramak, atçylyk sportuny ösdürmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz atşynaslara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly rowaçlyklary arzuw etdi.


Yza

Şeýle hem okaň