Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri planetanyň çykmasy iň kyn belentlikleriniň biri – Nepaldaky sekiz müňlük Annapurna (8 müň 91 m) depesine çykdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Alpinistler dagyň iň belent nokadyna sarsmaz döwletliligiň, erkiň dabaralanmagynyň we halkyň agzybirliginiň nyşany bolan mukaddes ýaşyl tugumyzy galdyrdylar.

Annapurna guralan ekspedisiýa «Morinžgeologiýa» holdinginiň hünärmenler toparynyň baý üstünlikler sanawynyň üstüni ýetirdi. Ozal bu toparyň tejribeli alpinistleri Ewerest, K2 (Çogori), Manaslu, Akonkagua, Ama-Dablam, Kilimanjaro, Ararat, Monblan we Matterhorn ýaly meşhur daglaryň depelerine üstünlikli çykdylar.

Ýola goýlan asylly däbe görä, planetanyň bu kynlyk bilen eýelenýän belentlikleriniň her birinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hemişe belentde parladylýar.


Yza

Şeýle hem okaň